Matwiýenko we Babuşkin Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutladylar

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Walentina Matwiýenko Ýyllar geçdigiçe, şol ýowuz döwrüň wakalary bizden barha daşlaşýar hem-de taryha girýär, beýik edermenligiň janly şaýatlarynyň sany azalýar. «Biziň ata-babalarymyzyň faşizme garşy söweşde gazanan ýeňşi baradaky taryhy hakydanyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň möhüm şertleriniň biri bolup durýar» - diýip, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlag hatynda nygtaýar.

Astrahan oblastynyň gubernatory gutlag hatynda Ýeňiş gününiň ruhy-ahlak ähmiýetiniň onlarça ýyllar geçse-de, üýtgewsizligine galýandygyny belleýär. «Köpmilletli sowet halky ata Watanyň azatlygy ugrunda söweşdi. Hemmeler urşuň ýowuz synagyny çekdiler hem-de bilelikde Watany halas etmek ugrunda gaýduwsyzlyk görkezdiler» - diýlip, Igor Babuşkiniň gutlag hatynda nygtalýar.

Walentina Matwiýenko we Igor Babuşkin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna asuda asman, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.