Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny

«Turkmen Expo» türkmen kompaniýalaryny Russiýada geçiriljek halkara sergilere çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine

Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk baýramçylygynyň çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmelidigini aýtdy

Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

«Turkmen Expo» türkmen kompaniýalaryny Russiýada geçiriljek halkara sergilere çagyrýar

«Turkmen Expo» kompaniýasy türkmen kompaniýalaryny 2025-nji ýylda Russiýada geçiriljek birnäçe halkara sergilere gatnaşmaga çagyrýar. Munuň özi türkmen önüm öndürijileri we telekeçileri üçin öz önümlerini halkara giňişlikde tanyşdyrmaga, potensial hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, şeýle hem bazaryň täze mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

«Turkmen Expo» sergä gatnaşyjylara wiza resmileşdirmek, awiapetekleri bronlamak, terjime hyzmatlaryny ýetirmek hem-de Moskwada ýerli ulag, stendleri gurnamak we myhmanhanalarda ýerleşdirmek ýaly logistika we beýleki zerur hyzmatlar bilen üpjün etmek babatda hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

«Kids Russia 2025» çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen harytlar pudagyndaky iň giň gerimli ýazky pudaklaýyn gözden geçirilişdir. Sergi 2025-nji ýylyň 18-nji martyndan 20-nji martyna çenli Moskwa şäherindäki «Krokus Ekspo» halkara sergi merkezinde geçiriler.

«Kids Russia» — bu möwsümleýin şertnamalary baglaşmak we güýz möwsüminde üstünlikli satuwlary ýola goýmaga taýýarlanmak üçin iň laýyk meýdançadyr. Bu ýerde oýunjaklardan we çagalar eşiklerinden başlap, täze doglan çagalar üçin niýetlenen önümlere, okuw esbaplaryna we döredijilik önümlerine çenli çagalardyr ýetginjekler üçin dürli harytlar we hyzmatlar hödürlenýär.

Bu sergä 5 müňden 10 müňe çenli adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň 80%-i sergide söwda etmegi meýilleşdirip barýan adamlardyr. «Kids Russia» sergisi «FOOD EXPO» (azyk önümleriniň sergisi) we «HOUSE HOLD» (öý-hojalyk harytlarynyň sergisi) pudaklaýyn sergileri bilen bir wagtda geçirilip, bu söwda etmek maksady bilen gelýänleriň we alyjylaryň sanyny ep-esli ýokarlandyrýar.