Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Gadymy döwürlerden bäri halkyň ruhy taýdan kämilleşmegine we jebisleşmegine ýardam bermek bilen, Bahar baýramy parahat hem-de abadan durmuşda ýaşamaga bolan ýagşy islegleri özünde jemleýär” diýip, hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda belleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygynyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.