Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar
Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň gurnamagynda geçirildi.
Geçirilen dabara ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ministrlikleriniň wekilleri, Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçy düzümi we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda, Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary ilki bilen, «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň sowgat edilendigi üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözlerini aýtdylar.
Dabaranyň dowamynda dana şahyrymyza goýulýan belent hormat-sarpa barada, onuň dünýä edebiýatynda tutýan ägirt orny hakynda Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda ýazylan dürdäne setirler okaldy.
Ýokary çaphana usulynda, türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşlerde neşir edilen ýygyndynyň beýik akyldaryň ebedilik hormatyna nyşandyr diýip dabaranyň dowamynda çykyş edenler aýtdylar.