Astrahanda Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy maslahatlaşylýar
Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky Astrahan-Aşgabat we Astrahan-Türkmenbaşy ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçiligi öwrenilýär. Bu barada Astrahan oblastynyň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda sebitde halkara howa gatnawlarynyň ösdürilmegi meselelerini ara alyp maslahatlaşmak wagtynda belläp geçdi.
Golowkow şeýle hem, Eýranyň başga bir möhüm ugur bolup durýandygyny, ýöne gynansagam, häzirki wagtda rus gatnadyjylarynyň bu ugra gyzyklanma bildirmeýändiklerini belledi. Şeýle-de bolsa, eýran kompaniýalary bilen gepleşikler alnyp barylýar.
Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com