Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadag täze şäherde alnyp barylýan işler, taýýarlanylýan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň "Akhan" we "Taýçanak" şaýollarynyň aralygynda durky täzelenilýän köçäniň germewlerini, olaryň şekillerini synlap, öz belliklerini aýtdy.
Şeýle-de alym Arkadag täze şäherde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, gymmatly maslahatlaryny we degişli tabşyryklary berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnandygyny, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy arkaly Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanandygyny aňladýan köp sanly halkara şahadatnamalar we güwänamalar hem görkezildi.
Lukman Arkadag saglygy goraýyş ulgamyna degişli serişdeler, lukmanlar üçin niýetlenen lybaslar hem-de olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, bu babatda birnäçe belliklerini aýtdy. Hususan-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň nyşanlarynyň göze gelüwli bolmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň şekil taslamalary we binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Akhan binasyndan Taýçanak binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.
Gahryman Arkadag görkezilen şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygyny bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de Arkadag şäherine göçüp baran bagtyýar ýaşaýjylaryň sagbolsunyny ýetirdi.
Iş maslahatyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerdäki arçanyň ýanynda türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny beýan etdi.