Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy

Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty geldi. Goňşy ýurduň Baştutany "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen, hususan-da, şeýle belleýär:

"Sizi we doganlyk türkmen halkyny milli baýram — ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlugyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berýär. Biz Siziň öňdengörüjilikli daşary syýasatyňyzy, sebit durnuklylygyny üpjün etmek, gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlaryňyzy goldaýarys.

Tamamlanyp barýan ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze taryhy sepgitlere ýetendigimizi, geljekde-de ýokary derejedäki dialogy işjeňleşdirmek arkaly strategik hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmäge ukyplydygymyzy kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Bar bolan köpugurly mümkinçiliklerimize, uzak möhletleýin gatnaşyklarymyza laýyklykda, doganlyk halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygymyzyň has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş arzuw edýärin".