Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Belujistan welaýatynyň Kwetta şäherindäki demir ýol menzilinde bolup geçen köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

 

«Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda bellenilýär.

 

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi