Türkmenistanda ITTC-2024 ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça iň uly halkara maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti güýzki bag ekiş möwsümine badalga berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça täze bäş ýyllyk üçin maksatnama taýýarlanar

SpaceX Aşgabatda geçiriljek Türkmentel-2024 halkara maslahatyna gatnaşar

Türkmenistan we Özbegistan demir ýollar arkaly ýük daşamagy artdyrar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

Eziz watandaşlar!

Edermen daýhanlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekediniň şanyna ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilmegi merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, bereketli türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň nyşanydyr, ene ýere bolan yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň beýanydyr.

Oba hojalyk işgärleriniň çekýän yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragynda ekinleriň bol hasyly kemala getirilýär, azyk bolçulygy has-da pugtalandyrylýar. Edermen gallaçy, pagtaçy daýhanlarymyz bolsa döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman, päk ýürekden halal zähmet çekýärler, täze-täze üstünlikleri gazanýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri netijesinde berkarar ýurdumyzda däneli ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Merdana oba zähmetkeşleri!

Garaşsyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmäge we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Oba hojalygynda geçirilýän bu özgertmeler ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, oba hojalygyna ylmyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge ýardam berýär. Türkmen topragynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, içeri we daşary bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Oba hojalyk ekinlerini agrotehniki kadalara laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli, döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny we gurallaryny yzygiderli satyn alýarys. Topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen yzygiderli üpjün edýäris. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Edermen daýhanlarymyz özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler. Ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ykdysady taýdan ýeňillikleriň döredilmegi we olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Toprakdan bol hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamagy, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli şertler dörediler.

Edermen hasyl ussatlary!

Eziz watandaşlar!

Sizi türkmen topragynyň rysgal-berekediniň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.