Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobus sürüjilerini işe çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

«Türkmentel — 2024» forumyna 150-den gowrak kompaniýanyň wekili gatnaşar

14 — 16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçiriler. Bu foruma birnäçe halkara guramalaryň, önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara sergä bolsa daşary ýurt we ýerli kompaniýalaryň 60-dan köpüsiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem forumyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Bütindünýä poçta birleşigi bilen bilelikde «Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 1-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

«Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi we ylmy maslahat hem öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar» diýip, döwlet Baştutany aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna halkara ähmiýetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.