Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobus sürüjilerini işe çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Çapar Pay goşundysynda USSD-haýyşlaryny we gysga “Altyn Asyr” belgilerini ugradyp bolýar

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly gollanmasynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar.

Şeýlelikde, Google Play-da we App Store-da elýeterli bolan Çapar Pay goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar häzirki balansy barada maglumat alyp bilýärler, şeýle hem, oparatora jaň edip, gudoga derek saz goýup, gerekli dili saýlap bilýärler.

Şeýle-de bu programma ulanyja amatly tarif meýilnamasyna birikmäge, dürli göwrümli internet-bukjalaryny almaga mümkinçilik berýär.

Çapar Pay goşundysynyň başga mümkinçilikleriniň arasynda – jemagat hojalyk hyzmatlarynyň hasaplaşyklary, howa petekleriniň satyn alynmagy, gowy görýän hyzmatlara ýazylyşyklaryň dowam etdirilmegi we ykjam telefonuň balansynyň köpeldilmegi. Programmanyň kömegi bilen bank kartasy arkaly Belet film ýazylyşygynyň tölegini, çagalar bagynyň tölegini amala aşyrmak we Türkmenistanyň ähli edaralarynyň telefon belgileri bilen tanyşmak bolýar. Mundan başga-da, gollanma ýol-gözegçilik polisiýasynyň jerimeleiniň barlygyna gözegçilik etmek we olaryň töleglerini amala aşyrmak, Türkmenistanyň tutuş çäginde hatlaryň, iberişleriň we ýükleriň eltip berilmelerini düzetmäge mümkinçilik berýär.