Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek barada Buýruga gol çekdi

Çapar Pay goşundysynda USSD-haýyşlaryny we gysga “Altyn Asyr” belgilerini ugradyp bolýar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Türkmentel - 2024» halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde «Durnukly jemgyýetler we ykdysadyýetler üçin ugleroddan arassa we durnukly ulag» atly ministrler duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

«Türkmenpoçta» bütin ýurduň çägine ekspress ýollamalar hyzmatyny ýola goýdy

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Türkmentel - 2024» halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 14-16-njy noýabr aralynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2024» atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

«Türkmentel-2024» sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Halkara foruma Türkmenistandan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda sanly ösüş, telekommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlary ösdürmekde ýetilen sepgitleri görkezmek we öňde goýlan maksatlary ara alyp maslahatlaşmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Şeýle hem, halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralýan «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy hem geçiriler.

«Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahatynyň guramaçylyk topary ähli soraglar boýunça goldaw bermäge taýýar. Sergi we ylmy maslahat barada soraglar boýunça şu aşakdaky telefon belgiler we e-poçta arkaly habarlaşyp bilersiňiz!

Telefon belgileri: (+99312) 44-90-99, 44-91-99, 44-93-93(Fax)

E-mail:

techdep@telecom.tm

dfap@mincom.gov.tm

mincom@telecom.tm