Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

«Türkmenpoçta» bütin ýurduň çägine ekspress ýollamalar hyzmatyny ýola goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň JEMLEÝJI RESMINAMASY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyndaky çykyşy

«Türkmenpoçta» bütin ýurduň çägine ekspress ýollamalar hyzmatyny ýola goýdy

«Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine ýollamalary tiz eltip bermek maksady bilen, täze «Ekpress ýollamalar» hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berýär. Bu hyzmat indi ýurduň ähli howa menzillerinde elýeterlidir.

«Türkmenpoçtanyň» habar bermegine görä, täze hyzmat 10 kilograma çenli ýollama ibermäge mümkinçilik berýär. Hyzmatyň bahasy birinji kilogram üçin 20 manat bolup, bu bahanyň çägine harytlaryň gaplanylyşy hem girýär. Eger ýollama 1 kilogramdan agyr bolsa, galan her kilogram üçin goşmaça 5 manat tölemelidir.

«Ekpress ýollamalaryň» esasy peýdaly tarapy ýollamalaryň ony kabul edip alyja tiz ýetirilmegidir. Müşderiler howa menzilindäki poçta bölüminiň hyzmatlaryndan gije-gündiziň dowamynda peýdalanyp bilerler. Olaryň ýollamasy gerekli ýerine iň ýakyn howa gatnawy bilen ugradylar.

Täze hyzmat ýurduň çäginde ýollamalaryň tiz we ygtybarly eltilmegine bolan artýan islegi kanagatlandyrmak üçin döredildi. Bu, esasan hem, resminamalary ýa-da uly bolmadyk ýükleri gyssagly eltmegi talap edýän biznes-müşderiler we şahsy taraplar üçin örän amatlydyr.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin petekleri hasaba alyş we ýükler zolagyndan “Ekspress ýollamalar” diýen ýazgyny tapyň.