Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

«Türkmentel – 2024»: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “CLA­AS” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di

26-njy sentýabrda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow “CLA­AS” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­ze­ri ka­bul et­di.

Myh­man iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy we äh­li türk­men hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Şun­da “CLA­AS” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýur­du­myz bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. Di­ýa­ry­myz­da ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ti­mi­ziň baş baý­ra­my my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry we hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry üçin ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­ze­re min­net­dar­lyk bil­di­rip, myh­ma­nyň şu sa­pa­ry­nyň, onuň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň Türk­me­nis­tan bi­len Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän tä­ze ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin esas bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ger­ma­ni­ýa äh­li ul­gam­lar­da di­ýen ýa­ly Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar we “CLA­AS” kom­pa­ni­ýa­sy köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýär. Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry ýo­la go­ýul­dy, işe­wür to­par­la­ryň ara­syn­da gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy hö­wes­len­di­ril­ýär. Şeý­le-de se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy, bank, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ryn­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, iri ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men ba­za­ryn­da üs­tün­lik­li iş­läp gel­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň iň tä­ze en­jam­la­ry ula­nyl­ýar, bu ugur­da tej­ri­be al­şyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­mek bo­ýun­ça ger­ma­ni­ýa­ly hyz­mat­daş­la­ryň anyk tek­lip­le­ri­ne se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we “CLA­AS” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­zer ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.