Aşgabatda «ITTC-2024» halkara forumy öz işine başlady

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag saparynyň çäklerinde bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň barşynda hasabatlary diňledi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işler, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine bolan iş saparynyň dowamynda bu ýurtda lukmançylyk ulgamynda ulanylýan serişdeleriň önümçiligi bilen tanyşmak we bu ugurda tejribe alyşmak maksadynda, degişli düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilendigi barada aýtdy.

Iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak üçin ýaýbaňlandyrylan giň gerimli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň kesgitlenen talaplara laýyk derejede alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, ýurduň ýeten belent derejesiniň we gazanylýan zähmet ýeňişleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Iş maslahatynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa öňde durýan wezipeler bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.