Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.

Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sporty bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar.

Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi. Bu baýram her ýyl giňden bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär. Şeýle-de 2022-nji ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul edendigini nygtamak gerek. Bularyň ählisi dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň kämilleşdirilmegine, milli, sebitleýin hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň anyk mysallarydyr. Mundan başga-da, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň”, “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň” Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek.

Welosport bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Amatly howa şertleri, ýurdumyzda bar bolan degişli infrastruktura welosport boýunça ýaryşlary hem-de türgenleşikleri tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär, ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.

...Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Bedenterbiýe, sport, işjeň dynç alyş, şol sanda welosipedli gezelençler adamlary uly üstünliklere höweslendirip, täze başlangyçlar üçin güýç-kuwwat berýär. Şeýle gezelençler dynç alşy işjeň fiziki hereket bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ylmy barlaglaryň tassyklaýşy ýaly, welosiped sürlende bedene kadaly agram salynmagy esasynda adamyň çydamlylygy, işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary we myşsalar, nerw ulgamy berkeýär. Welosport, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped sürmek bedeniň madda çalşygyny gowulandyrýar, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk eçilýär. Aýaklaryň yzygiderli hereketleri ganyň damarlarda doňup galmagynyň öňüni alýar. Munuň özi hereketleriň sazlaşygy üçin netijeli türgenleşik bolup, ünsüňi bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.

Lukman hökmünde sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýän Milli Liderimiz şeýle gezelençleriň ägirt uly peýdasynyň bardygyny şahsy göreldesi bilen subut etdi. Şunlukda, ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan welosipedli ýörişleriň geçirilmegi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda has giň gerime eýe bolýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini, Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak, öwrenmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde durýan meseleleri çözmekde welosiped sporty, welosipediň ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi daşky gurşawa uzak möhletleýin esasda oňyn täsirini ýetirip, ekologik ýörelgeleriň jemgyýetçilik durmuşyna içgin aralaşmagyna ýardam edýär.