Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär. Hormatly Prezidentimiz yzygiderli pugtalandyrylýan hem-de kämilleşdirilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ilerlediljekdigine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.