Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Pakistanyň Premýer-ministrinden gelip gowşan hat
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda iýul aýynda Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerindäki ýakymly duşuşyk üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri beýan edilýär:
Siziň Alyhezretiňiz!
Iýul aýynda Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerindäki ýakymly duşuşygymyz üçin Size hoşallygymy bildirmek isleýärin. Bu duşuşyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Pakistan-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda Siziň şahsy garaýşyňyz mende uly täsir galdyrdy.
Pakistan Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Umumy taryhy, gymmatlyklary, geografik ýagdaýy bilen baglanyşan ýurtlarymyz dostlar we hyzmatdaşlardyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Siziň Alyhezretiňizi Pakistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn hem-de Sizi garşy almak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!