Ahal, Daşoguz hem-de Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň häkimleriniň orunbasarlary täzelendi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň etraplarynyň birnäçesiniň häkimleriniň orunbasarlaryny wezipesinden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurgeldiýew Aýdogdy Geldimämmedowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwrangeldi Ezizgeldiýewiç Baýramow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Öräýew Mämetgeldi Amanmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşyrmyrat Rejepdurdyýewiç Sapardurdyýew Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atakeýew Merdan Tirkeşowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ataş Myradowiç Oraýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramdurdyýew Gurbandurdy, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atamurat Otuzbaýewiç Kanjanow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramgeldiýew Kuwwatgeldi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Nobatowiç Bazarow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hojageldiýew Hojageldi Çerkezowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şagylyç Şagulyýewiç Berdiýew Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýmuhammet Maksatmyradowiç Nurmämmedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.