Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide, Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudanä hem-de ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny hem-de ony giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdul Latif Raşide, Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Yragyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.