R.Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy.

Diplomatlar yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň we gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň has hem çuňlaşdyrylmagyna hem-de giňeldilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Taraplar energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň esasy merkezi hökmünde strategiki orny nygtaldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň we özara söwdanyň möçberini artdyrmagyň ýollaryna garadylar, şeýle hem medeniýet, bilim, ylym we beýleki sosial ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler.