
Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn gepleşik geçirildi
Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Amir Han Mottakiniň arasynda onlaýn gepleşik geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda sebitde durmuşa geçirilýän möhüm infrastruktura taslamalarynyň ýagdaýy gözden geçirildi, esasanam, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Gepleşiklerde diplomatik hyzmatdaşlyk we bilelikdäki başlangyçlary, şol sanda türkmen tebigy gazyny Owganystan arkaly Pakistan bilen Hindistana eltjek TOPH geçirijisini ilerletmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Amir Han Mottaki iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanandygyny we sebitdäki häzirki ýagdaýyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin amatlydygyny nygtady.
Ministr R.Meredow TOPH taslamasy bilen bagly soňky wakalary kanagatlanma bilen belläp, demir ýol gurluşygy, söwda we sebitleýin üstaşyr geçelgeler ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny beýan etdi. Şeýle hem ol geljekde owgan söwdagärleri üçin wiza amallarynyň ýeňilleşdirmek bilen bagly meselä hem garaljakdygyny mälim etdi.
Iki ýurduň daşary işler ministrleri TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak, demir ýol ulgamyny giňeltmek, elektrik energiýasynyň iberilişini gowulandyrmak we umumy ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça ýokary derejeli gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.