
«Daşoguztelekom» kärhanasynyň ýokary tizlikli internetinden peýdalanýanlaryň sany 91 müňden geçdi
«Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy welaýatyň çägindäki döwlet we hususy edara-kärhanalara, şahsy hojalyklara telefon, internet, kabelli telewideniýe nokatlaryny gurnamak, elektrik aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Kärhana geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäginde telefon nokatlarynyň 16 müň 447-sini oturdan bolsa, 2026-njy ýylyň ýedi aýynda 7 müň 639 telefon nokatlary gurnaldy. Diňe iýul aýynyň özünde welaýat boýunça gurnalan telefon nokatlarynyň sany 1 müň 287 nokat artdy. Netijede, welaýat boýunça kärhananyň telefon hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany 127 müň 520-ä ýetdi.
Kärhanada ýokary tizlikli internet ulanyjylarynyň sanyny ep-esli artdyrmak, internet hyzmatynyň gerimini giňeltmek boýunça hem önjeýli işler ýerine ýetirilýär. Muny iýul aýynyň dowamynda welaýat boýunça 2 müň 138 sany internet nokadynyň ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirilendiginden hem görmek bolýar. Bellenilen döwürde internet hyzmatyna birikdirilen nokatlaryň sany 9 müň 157-ä ýetdi. Şeýlelikde, welaýat boýunça kärhananyň ýokary tizlikli internet hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriniň sany 91 müň 125-e ýetdi.
Habarda bellenilişi ýaly, welaýatyň etrapdyr şäherlerinde, oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatynyň gerimi giňeldilýär, ýokary tizlikli internet beketleri oturdylýar.
