
Sanly ykdysadyýet ösüşlere beslenýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen we häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, elektron hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, olaryň işjeňligini artdyrmak, bu ugurda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Ýakynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň Tertibi tassyklanyldy.
Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy ähli döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýadynyň ýeke-täk ulgama birikdirilmegini we bitewi maglumat giňişliginiň kemala gelmegini üpjün edýän taslamadyr. Taslamanyň esasy maksady pudaklaryň arasynda elektron maglumat alyşmagyň täze, has çalt we täsirli usulyny ýola goýmakdan hem-de maglumat howpsuzlygyny artdyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda bu taslama laýyklykda, halkara tejribeleri öwrenilip, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzüm birliklerinde döwrebap, innowasion tehnologiýalara esaslanýan enjamlar toplumlary gurnalyp döwlet edaralary hem-de olaryň amala aşyrylýan sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn birikdirilýär.
Täze ulgamyň binýadynda elektron resminama dolanyşygy ulgamlarynyň döredilmegi amallaryň has çalt ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikler berer.
Halkara tejribesine laýyk gelýän bu ulgam ýurdumyzda «Elektron hökümet» ulgamyny giňden ornaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Onuň sazlaşykly işlemegi döwlet edaralarynyň hyzmatlarynyň açyklygyny we elýeterliligini has-da artdyrar.
Sanly howpsuzlyk çäreleri ulgamyň her bir basgançagynda maglumatlaryň goraglylygyny kepillendirýär. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de taslama gatnaşýan pudaklaryň hünärmenleri üçin döwrebap platformanyň ulanyşy we howpsuzlygy, maglumat tehnologiýasynyň tor ulgamlary boýunça tapgyrlaýyn okuwlar geçirildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem sanly ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir.
Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
