Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär

Şu gün Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy dabaraly bellenilýär.
«Ýalynly uruş ýyllarynda mertligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, arzyly Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarymyza baýramçylyk sowgatlaryny gowşurýarys. Bularyň ählisi müňýyllyklardan gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar» diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňiş güni mynasybetli iberen Gutlagynda bellenilýär.
Türkmen döwleti frontçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň zerurlyklaryna aýratyn üns-alada bilen garaýar. Milli gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» atly kitaplarda ebedileşdirildi. Weteranlara köp sanly ýeňilliklerden başga-da, durmuş taýdan goldaw hem berilýär.