Sanly.tm portaly işewürligi sanlylaşdyrmaga we maglumatlaryň goragly alyş-çalyş edilmegine ýardam berýär

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan döredilen Türkmenistanyň milli sanly portaly Sanly.tmulanyjylara işewürlik proseslerini awtomatlaşdyrmak hem-de maglumatlaryň ygtybarly alyş-çalyş edilmegi üçin gurallary hödürleýär.

Platforma elektron poçta, senenama, gözleg ulgamy we beýleki funksional modullary öz içine alýan hyzmatlaryň giň toplumyny birleşdirýär. Şeýle hem portalyň üsti bilen Türkmenistanyň döwlet hyzmatlaryna, onlaýn hyzmatlaryna, söwda meýdançalaryna we internet dükanlaryna degişli baglanyşyklar elýeterlidir.

Aýratyn üns ýuridiki şahslar üçin niýetlenen korporatiw elektron poçta hyzmatyna berilýär. Bu hyzmat işgärleriň goragly sanly gurşawda bilelikde iş alyp barmagyny üpjün edýär. Hasaba alyşdan soň her bir ulanyja şahsy elektron poçta salgysy berilýär, şeýle hem hat-habarlary amatly dolandyrmak üçin çäklendirilmedik mukdarda papkalary döretmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Sanly.tm döwrebap interfeýsi bilen tapawutlanýar we türkmen hem-de rus dillerinde elýeterlidir. Ulanyjylar portalyň resmi web sahypasy arkaly şahsy akkaunt döredip, elektron poçta hyzmatyny birikdirip bilerler.