
Londonda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabara guraldy
Londonda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre we sergi geçirildi. 26-njy sentýabrda geçirilen baýramçylyk çäresine Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, London şäherinde ýaşaýan türkmen raýatlary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölümi bolan «Galkynyş» adyndaky birleşiginiň agzalary, şeýle-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň ilçisi Ý.Serýaýew öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda gazanylan uly üstünlikler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek wekilçilikli halkara forum, şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurtda geçirilýän wajyp halkara çäreler barada maglumat berdi.
Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we ýurduň häzirki üstünliklerine bagyşlanan kitap sergisi, şeýle hem ýurduň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän fotosergi guraldy. Myhmanlara Türkmenistanyň ösüşine bagyşlanan wideofilm görkezildi. Şeýle-de milli dutar saz guralynda türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirilip, olar uly şowhun bilen garşylanyldy.