
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy golf ýaryşyny gurady
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy tarapyndan ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýoldaşlyk golf ýaryşy we baýramçylyk kabul edişligi guraldy. Çäre Yslamabatdaky «Pines Golf Club» klubunyň ýolbaşçylary bilen bilelikde geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, ýaryşa Pakistanda akkreditirlenen ilçiler, diplomatlar we pakistanly ezber golfçular gatnaşdy.
Ýaryş dostluk, sport bäsdeşligi we birek-birege hormat goýmak ruhunda geçdi.
Sport ýaryşyndan soňra Türkmenistanyň ilçihanasynyň adyndan iň gowy netijeleri görkezen oýunçylara ýaryşa gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk nyşany hökmünde ýadygärlik baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Soňra baýramçylyk kabul edişlik guraldy. Oňa Pakistanyň DIM-iniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Myhmanlar çäräniň ýakymly we dostlukly ýagdaýda geçendigi, onuň ýokary derejede guralandygy hem-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygy barada bellediler.