
Türkmenistanda Altyn asyr, Garaşsyzlyk, Gubadag, Farap, Döwletli, Garabekewül, Oguz han etraplary döredildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli karary bilen ýurduň Ahal welaýatynda Altyn asyr etraby, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplary, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplary hem-de Mary welaýatynda Oguz han etraby döredildi. Şunuň bilen baglylykda, 19-njy sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimligi, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň häkimlikleri, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli we Garabekewül etraplarynyň häkimlikleri, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň häkimligi döredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde, görkezilen häkimlikleriň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň möçberlerini taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Karar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen halky üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.