
Türkmenistanda iş alyp barýan «Daewoo E&C» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Duşuşykda Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagatlarynda üstünlikli alyp barýan işleri barada hem pikir alyşyldy. Taraplar «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellediler. Hususan-da, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşylandygy bellenildi.
Arkadag şäherinde döwrebap medisina klasterini gurmak boýunça koreý kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine hem aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.