
Türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Talal Abdulsalam Al Ansari bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Taraplar ýokary derejedäki özara saparlaryň, şeýle hem köpugurly halkara platformalaryň çäklerindäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.
Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtaldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meseleleri hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.