Moskwada maglumat howpsuzlygy boýunça türkmen-rus daşary syýasy geňeşmeleri geçirildi

Moskwa şäherinde halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Geňeşmeleriň gün tertibi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine aldy. Ugurdaş global hem-de sebit meýdançalarynda ýurtlaryň çemeleşmelerini utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Emeli aň meselesine aýratyn üns berildi.

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynda geçirilen «Döwletiň, işewürligiň we raýat jemgyýetiniň halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekdäki hyzmatdaşlygy» atly XIX halkara forumynyň işine gatnaşdy.

Forum umumy mejlis we dört sany mowzuklaýyn bölümçe görnüşinde geçirilýär. Çäräniň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky möhüm meseleler barada pikir alyşýarlar we tejribeleri paýlaşýarlar.

Forum öz işini 18-nji sentýabra çenli dowam eder.