
Türkmenistanyň Mejlisinde Bahreýniň Türkmenistandaky täze ilçisi kabul edildi
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mjelisi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak işlerinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat hoşniýetli arzuwlar, bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda diplomata Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen hem giňişleýin tanyşdyryldy. Şunda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-bahreýn döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.