Türkmenistanda täze açylan senagat desgasyna halkara güwänamalar berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän, çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasynyň barşynda täze desga halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy-da boldy.

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Horn Glass Industries» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Stefan Erwin Meindl tarapyndan täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýada hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama; Italiýa Respublikasynyň «Vetromeccanica Srl» kompaniýasynyň wekili Alessandro Nigro tarapyndan bolsa çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologiki enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan Halkara sertifikatlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle hem önümhana Italiýanyň «Bottera» kompaniýasynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan güwänamanyň gowşurylýandygy yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.