Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.