
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde sekiz aýyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hasabat bermek üçin söz berildi. Ol şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurduň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagy, ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryny durmuşa geçirmek maksady bilen döwletiň goranmak ukybyny has-da berkitmek, Ýaragly Güýçleri döwrebap ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýurduň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek baradaky Permana hem gol çekdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.