
Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberen ýükleri Owganystana eltildi
Şu gün Aşgabat Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, şeýle hem egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyndan iberildi.
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň ýük howa gämisi Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi.
Kabulda Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik ýüküni kabul etmek çäresi ýakymly pursatlara beslendi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň owgan halkyna yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine alkyş sözlerini aýtdylar.