
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady ulgamda gazanýan üstünliklerini belledi hem-de Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de işewüre saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Saparyň dowamynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi we möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow tebigy serişdelere örän baý bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, ýurduň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) bilen indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy we birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigi bellenildi.
Kadzuhiko Amakawa Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat pudagyndaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde işewürlik üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini belläp, ýolbaşçylyk edýän bankynyň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady.
Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny we şu nukdaýnazardan özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi hem-de ýurduň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda ýapon tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny beýan etdi.