Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň federal deňiz işleri ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň federal deňiz işleri ministri Muhammet Junaid Anwar bilen duşuşdy. Duşuşykda sebitiň söwda we ulag arabaglanyşygy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşy, Karaçi we Gwadar deňiz portlarynyň üstaşyr hem-de logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, sebit ýurtlarynyň arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmekde möhüm rol oýnap biljek demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň giň geljegi hem bellenildi.

Sebitiň ykdysady arabaglanyşygyny berkitmek, üstaşyr mümkinçliklerini giňeltmek we gatnaw ugurlaryny diwersifikasiýa etmek üçin Pakistanyň çägini köpri hökmünde has işjeň ulanmak boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtaldy.

Taraplar agzalan ugurlar boýunça netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtap, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak, sebit arabaglanyşygy giňeltmek we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde amal etmegiň möhümdigini bellediler.