
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda täze resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaýly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Hususan-da:
— Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançjou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen «Ženmin Žibao» neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.