
«Diplomatik dialog» gepleşiginiň nobatdaky sany Jalpa Ratna bilen taýýarlandy
«Diplomatik dialog» gepleşiginiň nobatdaky sany Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen taýýarlandy. Duşuşykda ýokary derejeli wekil «Turkmenportal-yň» habarçysynyň soraglaryna jogap berdi.
Söhbetdeşlikde, esasan hem, ÝUNISEF-niň alyp barýan işleri, bu guramanyň sebitde durmuşa geçirýän maksatnamalary, şeýle hem Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi.
«Diplomatik dialog» atly gepleşik Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de «Turkmenportal» web-saýty tarapyndan bilelikde taýýarlanylýar.
Söhbetdeşligiň doly görnüşini şu salgyda görüp bilersiňiz.