
Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Awazada türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Söhbetdeşler üç ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça giňeltmek, hususan-da, ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar.
Telefon arkaly söhbetdeşlik azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.