
Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem minnetdarlyk hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Beýan edilişi ýaly, özbek Lideri hatynda, ilki bilen, Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen türkmen halkynyň Milli Liderini ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana saparynyň dowamynda «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanandygy üçin aýratyn hoşallyk bildirýär we bu sylagy özbek halkyna, iki doganlyk halkyň dostlugynyň bähbidine bilelikdäki tagallalara berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini nygtaýar.
— Forumyň çäklerinde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilendigini, şeýle hem Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasynyň tassyklanandygyny aýratyn kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Geçirilen açyk we netijeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň biziň dostlukly döwletlerimiziň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Özbegistanda geçiriljek ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek boýunça Siziň başlangyjyňyz bilen geçirilen aýratyn çäre biziň geljekki sammitimiziň gün tertibini baýlaşdyrmaga we ony ýokary derejede guramaga mynasyp goşant goşar.
Merkezi Aziýa we Azerbaýjan formatyndaky dialogymyz, şeýle hem Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky üçtaraplaýyn duşuşyklarymyz sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer — diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew hatynda ýazýar.
Özbek Lideri hatynyň ahyrynda açyk we netijeli dialogyň özara hormat goýmak hem-de dostluk ruhunda yzygiderli dowam etdiriljekdigine berk ynanýandygyny belleýär.