
BMG-niň maslahatynyň jemleri boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Onda Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy hem-de Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Awaza syýasy Jarnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni beýan edip, ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak, söwdany ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri özünde jemleýär.
Mejlise gatnaşyjylar Jarnamany ylalaşmagyň hem-de onuň milli we halkara derejelerde netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin öz wagtynda kabul etmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem bu Jarnamanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassyklaýan möhüm syýasy resminama bolup durýandygy bellenildi.
Mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmek üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, maliýe serişdelerini herekete getirmegiň we tehnologiýalary alyşmagyň zerurdygy nygtaldy.
Mejlise gatnaşyjylar Awaza syýasy Jarnamasynyň düzgünleri bilen ylalaşýandyklaryny beýan edip, ony durmuşa geçirmek işine raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynyň möhüm ähmiýetini bellediler.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima mejlisde şu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belläp, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda we Awaza syýasy Jarnamasynda bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin anyk çäreleriň hem-de çözgütleriň beýan edilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol maksatnamanyň anyk netijelere getirmegi üçin BMG-niň halkara we sebit guramalary we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.