
Türkmenistanyň Lesoto Patyşalygy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär
7-nji awgustda Awazada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen Lesoto Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan ýakyn wagtda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň gyzyklanmasy beýan edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogyň ähmiýetini bellediler. Söwda-ykdysady ugurda, şol sanda oba hojalygy we gidroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna özara goldaw bermek tejribesini dowam etdirmek isleýändiklerini bellediler.