
Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bilen ugurdaş guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň milli günleri mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Parlamentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň işjeň tagallalary netijesinde doganlyk halklary birleşdirýän köp asyrlyk dostlugyň yzygiderli güýçlenýändigi we strategiki hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylandygy aýratyn nygtaldy.
Mundan başga-da, iki ýurduň ykdysady diplomatiýa ugrundaky tagallalary we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen bagly başlangyçlary barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşler özara bähbitli gatnaşyklary has-da güýçlendirmek we bilelikdäki medeni çäreleri yzygiderli geçirmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.