
Türkmenistan we Lesoto Patyşalygy ýakyn wagtda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy meýilleşdirýär
7-nji awgustynda «Awaz» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Lesotanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan ýakyn wagtda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň gyzyklanmasy beýan edildi.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogyň ähmiýetini bellediler. Söwda-ykdysady ugurda, şol sanda oba hojalygy we gidroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar hem-de parahatçylyk we durnukly ösüşiň hatyrasyna özara goldaw bermek tejribesini dowam etdirmek isleýändiklerini bellediler.