
Türkmenistanyň we Efiopiýanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meýilleşdirilýär
7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklarda ünsi jemläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Taraplar parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlara ygrarlydyklaryny mälim etdiler we hyzmatdaşlygy bu ugurda dowam etdirmäge ylalaşdylar.