
Kataryň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi
6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misnediň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn syýasy dialogy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Iki ýurduň arasynda gol çekilen resminamalary işjeň durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.