Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik hem-de çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän halkara maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşi we ählumumy ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygy, Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

«Biz diňe ikitaraplaýyn däl-de, eýsem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy goldaýarys. Siziň ýurduňyzyň geografik taýdan ýerleşişi we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen baglylykda, bu ugurda anyk işler durmuşa geçirilip bilner» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Karluş Manuel Wila-Nowanyň saparynyň dowamynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty, önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşjakdygyny belläp, geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler bolan ýagdaýynda, Türkmenistanyň olary goldamaga taýýardygyny tassyklady.